BIZIŇ ÖNÜMLERIMIZ DIŇE TEBIGY ÖNÜMLERINDEN TAÝÝARLANAN!

«Owadan Ülke» hojalyk jemgyýetiniň web saýtyna hoş geldiňiz!

BIZ Barada

Taryhymyz

«Owadan Ülke» hojalyk jemgyýeti 2016-njy ýylda Ahal welaýatynyň Ak Bugdaý etrabynyň çäginde guruldy we işe girizildi. Şereketimizde ilkinji bolup "Nur" haryt nyşany bilen önümler öndürilip başlandy. "Nur" haryt nyşany gysga wagtyň içinde Türkmen bazarynda berk orny eýelän markalaryň biri bolup halkymyzyň uly isleg bilen sarp etýän önümleriniň hataryna goşuldy. Mähriban halkymyzyň isleglerini kanagatlandyrmak üçin, biziň kärhanamyzda häzirki günde «Nur», «Mylaýym» we «Hazyna» görnüşli haryt nyşanda önümler öndürilýär.


«Owadan Ülke» hojalyk jemgyýeti hil we azyk howpsuzlygyny dolandyrmak ulgamlaryny durmuşa geçirdi. Kärhanada ähli önümçilik ulgamlary dolandyryş standartlarynyň we ISO9001:2015 we HACCP talaplaryna laýyk gelýär. Öndürilen önümleriň ýokary hilli halkara ülňülerine laýyk gelýär we öndürijä eksport etmäge mümkinçilik berýär.

Önümlerimiziň tebigylygy

«Owadan Ülke» hojalyk jemgyýetiniň ähli önümleri içerki telekeçiler tarapyndan ösdürilip ýetişdirilýän ekalogiýa taýdan arassa oba hojalyk önümlerinden öndürilýär. Biziň kärhanamyzda döwrebap tehnalogiýalar bilen öndürilýän ýokary hilli önümler daşary ýurtdan gelýän önümleriň ornuny tutyp elýeterli bahalarda ak bazarlarymyzy bezeýär we önümlerimiz halkymyz tarapyndan uly islegler bilen sarp edilýän önümleriň ilkinjileriniň hatarynda gelýär. Bu bolsa bize önümlerimiziň içerki bazarlarmyzdan artan bölegini eksport etmäge bolan mümkinçiligimizi artdyrýar.

  1. Biz Türkmenistanda maýonez önümlerini ýokary hilde öndürmekde irki öndüriji kärhanalaryň ilkinjileriň hatarynda bolup maýonez öndürip başladyk.

  2. Biziň kärhanamyzyň önümçiliginde, halkara derejesindäki tehnolog hünärmenleri zähmet çekýärler.

  3. Adaty bolmadyk tagamy we näzikligi bilen tapawutlanýan Mylaýym haryt nyşanymyzyň pagta ýagyndan öndürýän maýonez önümi dürli Milli naharlarymyzyň tagamyny hasda artdyrýar.

  4. Tebigy goşundylardan ýasalan lezzetli üwmeç önümleri.

  5. Ýurdymyzda daýhanlar tarapyndan ösdürip ýetişdirilýän ýörite saýlanan gök önümlerinden gaplanan marinadlar, duzlanan gök önümleri, jemlar, mürepbeler we şerebä ýatyrylan önümlerimizi öndüremizde diňe tebigy önümleri ulanýarys.

  6. Ýokumly ösümlik mesgeli gaty margarin we spred önümleri.

  7. Hozly we gara şokolatly ýokary hilli desert pastalary.

car

Näme üçin biz?

  • 5 sany

    uly zawodlarymyz

    Biziň zawodlarymyzda halkara hil ülňelerine doly laýyk gelýän önümleri öndürmäge mümkinçilik berýän Germaniýanyň we Belgiýanyň ýokary hilli tehnologiýa enjamlary ornaşdyrylan. Biz önümçilikde ISO9001:2015 (HACCP – ХАССП) hil gözegçilik ulgamyny ulanýarys.

  • 6 ýyldan bäri

    Turkmenistanyň ak bazarlarynda

    Şertnama boýunça Ýurdymyzyň ähli welaýatlaryny önümlerimiz bilen üpjün edýäris.

  • 100%

    müşderilerimiziň ynamyny ödeýäris

    Maýonez önümlerimiz nusgawy taýýarlanyş usuly boýunça adaty bolmadyk üýtgeşik tagamy bilen tapawutlanýar. Milli tagamlary taýýarlamak üçin ajaýypdyr.

W A K A N S I Y A
Maglumat

«Owadan Ülke» hojalyk jemgyýeti «Nur», «Mylaýym» we «Hazyna» harytnyşany bilen önüm öndürýän karhanasyna işe girmek isleýän dalaşgärler, işe girmek üçin gerekli resminamalary barada aşakdaky belgiler bilen habarlaşyp bilersiňiz.


    Iş orunlarymyz

  1. IÝMIT ÖNDÜRMEK BOÝUNÇA TEHNOLOG

  2. ÖNÜMÇILIK LABORANTY

  3. EHM OPERATORY

  4. Önüm öndürmek boýunça GAÝNADYJY

  5. Önümçilik boýunça Master (Mehanik)

Kontaktlarymyz

  • Salgymyz: Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň Änew şäherçesi N.Halmämmedow köçesiniň 1 "a" jaýy.

    E-mail: info@owadanulke.com.

    Soraglar üçin: +993 (63) 29-82-28; Tel: +993 (137) 3-66-63; Fax: +993 (137) 3-66-65.